Eýranyň ahlak polisiýasynyň wezipeleri tamamlandy – metbugat wekili

Eýranyň 'ahlak polisiýasy' (arhiw suraty

Eýranyň 'ahlak polisiýasynyň' metbugat wekili polisiýanyň bu düzüminiň wezipeleriniň tamamlanandygyny, emma ýurtdaky mejbury hijab kanunynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek üçin täze usullaryň zerurdygyny aýtdy.

Metbugat wekili Ali Han Mohammadiniň 5-nji dekabrdaky belliklerinde ýurduň dürli institutlarynyň baş örtgi bilen bagly meseläni öwrenýändigi hem nygtalýar.

Mohammadiniň bu sözleri Entekhab saýtynda ýerleşdirildi. Şol bir wagtda, onuň bu neşir bilen söhbetdeş bolandygy doly aýdyň däl.