Birleşen Ştatlar bilen Russiýanyň arasynda amal edilen tussag çalşygynyň netijesinde, amerikan basketbol ýyldyzy Brittneý Griner rus ýarag gaçakçysy Wiktor But bilen çalşyldy.
Bu iki ýurduň arasyndaky dartgynly gatnaşyklara hem garamazdan ençeme aýlap dowam eden gepleşikleriň netijesinde amal edildi.
Prezident Jo Baýden 8-nji dekabrda eden çykyşynda tussag çalşygyny tassyklady we Grineriň Russiýadaky “göz üçin geçirilen sud diňlenişiginden” soň “ýalňyşlyk bilen saklanandygyny” aýtdy.
“Biz bu günüň gelmegi üçin uzak wagtdan bäri tagalla etdik” diýip, Baýden belledi.
Baýdeniň administrasiýasy tussag çalşyk ylalaşygyny iýulyň aýaklaryna teklip edipdi.