Zelenski: “Putin ölse, uruş hem bolmaz”

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski eger-de Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ölse, onda Ukrainadaky urşuň hem tamamlanjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Zelenski bu barada Netflix ýaýlym serwisinde 12-nji dekabrda çap bolan Dawid Letterman bilen geçiren söhbetdeşliginde aýtdy.

“Eger-de Putin ölse, onda uruş hem bolmaz. Eger-de Putin bolmasa, russiýalylar daşary syýasat bilen däl-de, içerki ýagdaýlar bilen gyzyklanarlar” diýip, Zelenski belledi.

Oktýabrda Lettermanyň Zelenski bilen söhbetdeşlik geçirmek üçin Kiýewe gelendigi barada maglumatlar peýda bolupdy.