Täjik oppozisiýa syýasatçysynyň oglunyň Germaniýadan ekstradisiýa edilmegi mümkin

Täjik oppozisiýa syýasatçysynyň ogly Abdullo Şamsiddin

Täjik oppozisiýa syýasatçysy Şamsiddin Saidowyň oglunyň Germaniýadan Täjigistana ekstradisiýa edilmegi mümkin we ol ýerde ol eden-etdilikli tussag etmä we gynamalara sezewar bolar diýip, bogunlykdaky birnäçe oppozisiýa toparyny özünde jemleýän Täjigistanyň Milli ýaranlygy aýdýar.

Täjigistanyň Yslam galkynyş partiýasynyň agzasy Saidow Täjigistanda gaýybana 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginde ýaşaýar.

Ol 13-nji dekabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gysga interwýusynda 32 ýaşly ogly Abdullo Şamsiddiniň Germaniýanyň migrasiy edaralarynda öz wagtynda gaýtadan hasaba durmandygy sebäpli, onuň Täjigistana ekstradisiýa edilmeginiň mümkindigini aýtdy.