Protestçileriň Daglyk-Garabaga barýan ýoly petiklemegi sebäpli azyk, ýangyç gytçylygy döredi

Ermenistan Azerbaýjany protestçileri öjükdirmekde aýyplaýar. Baku ýoly petiklemändigini aýdýar.

15-nji dekabrda Ermenistany Daglyk-Garabag bilen birleşdirýän Laçyn geçelgesiniň petiklenmegi bilen, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky dartgynlylyklar hasam ýitileşdi.

Bu ugur, Azerbaýjanyň territoriýasynyň üstünden geçýän, Ermenistany we Daglyk-Garabagy birleşdirýän ýeke-täk gury ýer geçelgesidir.

Bu ýoluň dört gün bäri petiklenmeginiň täsirini Ýerewandaky we Stepankertdäki dükanlar we telekeçiler eýýäm duýup başladylar.

Ermenistan Azerbaýjany protestçileri öjükdirmekde aýyplaýar. Baku ýoly petiklemändigini aýdýar.

15-nji dekabrda ýazgy edilen wideoda Azerbaýjanyň baýdaklary bilen köp sanly adamyň rus goşunlary bilen parahatçylykly ýagdaýda ýüzleşip, olara garşy durýandygyny synlasa bolýar.

2020-nji ýylda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň bu sebit ugrundaky uruşyndan soň, regiona Russiýanyň 5 müň töweregi esgeri ýerleşdirildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa Moskwanyň bu ýagdaýa alada bildirýändigini, şeýle-de ýoluň gysga wagtyň içinde täzeden açylmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Daglyk-Garabagyň ýerli ilaty sebitde ýangyç we esasy azyk önümleriniň gytçylygynyň dörändigini aýdýar.