Ukrain resmisi Eýranyň ýarag kärhanalaryny “ýok etmäge” çagyrýar

“Şahid-136” uçary

Ukrainanyň prezidentiň ýokary derejeli kömekçisi Eýran pilotsyz uçarlary we raketalary öndürýän kärhanalarynyň "ýok edilmegine", olaryň üpjün edijileriniň tussag edilmegine çagyrdy.

Mihaýlo Podolýak 24-nji dekabrda, Eýranyň ýarag zawodlaryny ýok etmäge çagyrmazyndan öň, Eýran “halkara guramalarynyň sanksiýalaryny göz-görtele bozýar” diýdi.

Kiýew Tährany Moskwa tarapyndan Ukrainadaky nyşanalara zarba urmakda ulanylandygy aýdylýan kamikadza dronlary, 1700 sany “Şahid-136” uçary bilen üpjün etmekde aýyplaýar. Eýran bu aýyplamalary ret edýär.