Balkanabat-Türkmenbaşy ýolundaky ulag heläkçiliginde bäş adam öldi

Balkanabadyň golaýyndan geçýän magistral ýol. (arhiw suraty)

25-nji dekabrda Türkmenistanyň günbatar sebitinde dörän ýol heläkçiliginde bäş adam öldi.

Habarçymyz Balkanabat-Türkmenbaşy magistral ýoluň ugrunda dörän bu hadysa ýokary tizlik bilen gelýän ulaglaryň biriniň dolandyryşyny ýitirmeginiň sebäp bolandygyny, netijede üç ulagyň birek-biregi bilen çaknyşandygyny aýtdy.

Heläk bolanlaryň şahsyýetini anyklap bolmady. Ýerli polisiýa Azatlygyň soraglaryny jogapsyz goýdy.

Türkmen häkimiýetleri we habar serişdeleri, adatça bolşy ýaly, adam pidaly hadysa barada maglumat bermediler.