2022-de ÝB-den gaçybatalga soraýanlaryň sany 50%-den gowrak ýokarlandy

Türkiýedäki owgan bosgunlary

2022-nji ýylda EB ýurtlaryndan gaçybatalga soraýanlaryň sany öňki ýyl bilen deňeşdirilende 50 göterimden gowrak artdy diýip, Ýewropanyň gaçybatalga agentliginiň müdiri Nina Gregori aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 2022-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda ÝB ýurtlaryna 800,000 töweregi gaçybatalga arzasy berildi, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 54% köp adamyň gaçybatalga sorandygyny aňladýar.

Bu maglumat Russiýanyň harby hüjümi başlanandan soň ÝB ýurtlaryna göçýän ukrain raýatlaryny öz içine almaýar. Sebäbi syýasy gaçybatalga däl-de, wagtlaýyn gorag statusy berlip, olar bosgunlar baradaky statistika goşulmaýar.

Noýabr aýynyň aýagyna çenli toplanan maglumatlarda gaçybatalga soraýanlaryň sanawynda Siriýa, Owganystan we Türkiýe birinji orunda durýar.