Rus oppozisiýa lideri Ýaşin şikaýatyna seredilmänkä türmä ugradyldy

Rus oppozisiýa lideri Ilýa Ýaşin 

Hamala, goşun barada galp maglumat ýaýratmakda aýyplanyp, 8,5 ýyl azatlykdan mahrum edilen oppozisiýa lideri Ilýa Ýaşin Moskwanyň deslapky tussaghanasyndan başga sebite geçirildi.

Russiýanyň “Nowosti” habar gullugy bu habary Moskwanyň Jemgyýetçilik gözegçilik komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Alekseý Melnikowa salgylanyp çap etdi.

Ýaşiniň haçan we anyk haýsy koloniýa iberilendigi aýdylmaýar. Tussagy başga ýere geçirmek çäresi kazyýet karary güýje girmezinden öň amala aşyryldy, aklawçylar oppozisionere garşy çykarylan hökümiň üstünden şikaýat edipdiler.

Moskwanyň Meşçanskiý kazyýeti 9-njy dekabrda Ilýa Ýaşini rus goşuny hakynda Ukrainanyň Buça şäheriniň ýaşaýjylarynyň köpçülikleýin gyrylmagy bilen baglanyşykly galp maglumat ýaýratmakda günäkär tapdy.

Umumy düzgünli türmede saklanmak şerti bilen, Ýaşin 8,5 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Bu şu wagta çenli goşun hakynda galp maglumat ýaýratmak diýilýän aýyplama esasynda berlen iň agyr jeza boldy. Jenaýat kodeksiniň bu maddasy boýunça, günäli tapylan ýagdaýynda, aýyplanýany 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum edip bolýar.