Eýran üç protestçiniň ölüm jezasyny ýatyrdy, iki jezany tassyklady

Protestçiler

Eýranyň Ýokary kazyýeti, howpsuzlyk ofiseriniň öldürilmegi bilen ilteşiklikde aýyplanan üç protestçiniň ölüm jezasyny ýatyrdy, ýöne bu jenaýatda aýyplanan beýleki iki adamyň ölüm jezasyny tassyklady.

Ýokary kazyýetiň jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň müdiri Amir Haşemi 3-nji ýanwarda öz twitter hasabynda, kazyýetiň kararyna esaslanyp, derňewdäki näsazlyk sebäpli Hamid Karahasanlou, Huseýn Mohammadi we Reza Aria garşy çykarylan ölüm höküminiň ýatyrylandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, kazyýet Mohammad Mahdi Karminiň we Seýid Mohammed Huseýniniň şol bir bir aýyplama esasynda çykarylan ölüm jezasy boýunça eden şikaýatlaryny ret etdi.

Häkimiýetler hökümete garşy demonstrasiýa wagtynda Basij harby güýçleriniň bir agzasynyň ölümine sebäp bolmakda aýyplap, 16 protestçä günä bildirdi.

Günäkärlenýänleriň hemmesi bu aýyplamany ret etdi. Olar özleriniň syýasy sebäpden, Mahsa Amininiň tussaglykda ölmegi sebäpli başlanan hem-de tutuş ýurdy gaplap alan demonstrasiýalara gatnaşandyklary üçin nyşana alnandyklaryny aýdýarlar.