Tähranyň golaýyndaky Kaçoui türmesinde oturan 15 aýal tussaglykdaky şertlere we desgada lukmançylyk kömeginiň berilmezligine garşy protest bildirip, açlyk yglan etdi.
Açlyk yglan edenleriň arasynda 22 ýaşly Armita Abbasi hem bar. Ol 10-njy oktýabrda, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan sentýabr aýynda tussag edilen Mahsa Amininiň polisiýa tussaglygynda ölmegi sebäpli başlanan we tutuş ýurdy gaplap alan protestleriň arasynda, Karaj şäherinde tussag edilipdi.
Abbasiniň ejesi öz Instagram hasabynda gyzynyň açlyk yglan edendigi üçin telefon etmek hukugyndan hem mahrum bolandygyny, türme ýolbaşçylarynyň indi oňa maşgalasyna jaň etmek rugsadyny hem bermeýändigini ýazdy. Şeýle-de, ol indi kazyýetiň gyzyna wekilçilik edýän aklawçyny kabul etmeýändigini habar berdi.
Şu hepdäniň başynda ölüm jezasyna höküm edilen tussag Mohammad Mehdi Karaminiň aklawçysy hem kazyýetiň özüne şuňa meňzeş hörpde çemeleşendigini belläp, munuň Ýokary kazyýetiň başlygynyň golaýda tussaglaryň ählisiniň öz aklawçysyny saýlamaga haklydygy barada aýdan sözlerine ters gelýändigini aýtdy.