Senator Angus King (garaşsyz-Maine) Kiýewde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşygyndan soň, 9-njy ýanwarda ABŞ Ukraina Russiýa bilen alyp barýan urşunda berýän goldawyny bes etse, Ýewropada ekstremizmiň ýaýramagyna ýardam bermek töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup biler diýdi.
King özüniň ýurduna ABŞ-nyň Ukraina berýän kömeginiň näderejede möhümdigine has ynamly gaýdyp gelendigini aýtdy. Şeýle-de ol ABŞ-nyň Ukrainany goldamagyny Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin häkimiýetden çetleşdirilýänçä dowam etdirmelidigini nygtady.
Ukraina berilýän goldawyň dowam etdirilmezligi Günbatar ýurtlarynyň 1930-njy ýyllarda Germaniýanyň aşa güýçlenmegine garşy göreşmegiň hötdesinden gelip bilmezligine çalym eder diýip, King sözüniň üstüni ýetirdi.