Peruly protestçiler polisiýa ofiserini ýakyp öldürdi

Peruly protestçiler

Peruyň Puno sebitinde demonstrasiýa çykan protestçiler gulluk borjuny ýerine ýetirýän polisiýa ofiserine hüjüm etdiler we ony diriligine ýakyp öldürdiler diýip, häkimiýetler 10-njy ýanwar güni, giçlik aýtdylar.

Bu ölüm öňki prezident Pedro Kastillonyň häkimiýetden agdarylmagy bilen turan gozgalaňlaryň dowamynda ölenleriň sanyny 47 adama ýetirdi.

Peruyň Ombudsmeniniň edarasy dekabr aýynyň başynda başlanan demonstrasiýalaryň dowamynda polisiýa bilen bolan çaknyşyklar netijesinde 39 parahat ýaşaýjynyň, ýol hadysalarynda bolsa 7 adamyň, şeýle-de diriligine otlanan polisiýa işgäriniň ölendigini habar berdi.