Stoltenberg: ‘Ýakyn geljekde’ Ukraina has kän ýarag berler

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg

Ukraina ýakyn wagtda Günbatar ýurtlarynyň berjek kän agyr ýaragyna garaşyp biler diýip, NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 15-nji ýanwarda Germaniýanyň “Handelsblatt” gazetiniň soraglaryna jogap berende aýtdy.

Kiýew özüne has agyr ýaraglaryň, şol sanda tanklaryň hem berilmegini sorap gelýär, emma Günbatar ýurtlary, Russiýany has öjükdirmek ähtimallygyna salgylanyp, soralýan ýaraglary bermäge ilgezik bolmadylar.

"Agyr uruş enjamlary baradaky soňky wadalar wajyp we men ýakyn wagtda olaryň has köp berilmegine garaşýaryn" diýip, Stoltenberg Kiýewiň ýarag üpjünçiligini utgaşdyrýan ukrain Goranmak aragatnaşyk toparynyň 20-nji ýanwarda Germaniýada boljak ýygnagynyň öňüsyrasynda aýtdy.