Türkiýe rus-ukrain tussaglarynyň çalşylmagyny goldaýar

Dmitri Lubinets we Tatýana Moskalkowa Türkiýede gepleşik geçirýär.

Türkiýäniň ombudsmeni Şeref Malkoç birinji gün, Türkiýäniň töwellaçylygy esasynda, Ukraina bilen Russiýanyň arasynda uruş ýesirleriniň uly alyş-çalşygynyň taýýarlanýandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Ukraina tarapyndan alyş-çalyş üçin 800 ýesiriň, Russiýa tarapyndan bolsa 200 tussagyň sanawy hödürlendi.

Şeýle-de, Türkiýe ýaralanan harbylary we parahat adamlary, hususan-da çagalary, aýallary we garrylary çykarmakda ulanmak üçin Stambulyň üstünden ynsanperwerlik koridoryny döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär.

CNN-iň Türk gullugynyň habaryna görä, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Russiýanyň we Ukrainanyň prezidentleri bilen golaýda geçirjek duşuşyklarynda gumanitar koridor meselesini ara alyp maslahatlaşar.

11-nji ýanwarda Türkiýede Ukrainanyň we Russiýanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriniň - Dmitriý Lubinets bilen Tatýana Moskalkowanyň duşuşygy geçirildi.

Moskalkowa duşuşykdan soň twitter hasabynda 40 rus ýesirini çalyşmak barada ylalaşyk gazanylandygyny ýazdy.

"Roýters" habar gullugy 14-nji ýanwarda ukrain goşunyna salgylanyp, alyş-çalyşyň rus tarapynyň başlangyjy bilen ýatyrylandygyny habar berdi.