Ýewropa Parlamenti rus agressiýasyna garşy tribunal döretmäge çagyrdy

EU-PARLIAMENT/CORRUPTION

Ýewropa Parlamenti Russiýanyň Ukraina garşy agressiýasy boýunça ýörite tribunal döretmäge çagyrýan karary kabul etdi.

Kararyň kabul edilmegine 472 deputat ses berdi, 19 deputat garşy çykdy, 33 deputat bolsa saklandy.

Resminamada Russiýanyň 2014-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Ukraina garşy bikanun we esassyz agressiýa urşuny alyp barýandygy, ony 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda "gaýtadan başlandygy" aýdylýar.

"Russiýa Federasiýasynyň Ukraina garşy alyp barýan agressiw urşy BMG-niň Düzgünnamasyny, halkara kanunçylygynyň esasy ýörelgelerini we dürli halkara şertnamalaryny aç-açan bozmak bolýar“ diýip, kararda nygtalýar.

Şeýle-de, resminamada rus goşunlarynyň ýaşaýyş ýerlerine we raýat infrastrukturasyna garşy seljermezden zarba urandygy, müňlerçe ukrain raýatyny öldürendigi we bütin ýurduň raýat infrastrukturasyna zyýan edýän terrorçylykly hüjümleri amala aşyrandygy aýdylýar.