CIA başlygy Kiýewe sapar edip, Zelenski bilen gepleşdi – media habarlary

ABŞ-nyň Merkezi Aňtaw Gullugynyň (CIA) başlygy William Burns (arhiw suraty)

ABŞ-nyň Merkezi Aňtaw Gullugynyň (CIA) başlygy geçen hepde Kiýewe sapar edip, prezident Wolodymyr Zelenski bilen gizlin gepleşikleri geçirdi. Bu barada mediada peýda bolan maglumatlarda aýdylýar.

William Burnsyň sapar edendigi baradaky maglumata ne Zelenski, ne-de Ukrain hökümetiniň resmileri kommentariýa berdiler.

Emma The Washington Post we The New York Times neşirleriniň 19-njy ýanwarda çap bolan maglumatynda Burnsyň ukrain resmilerine öňümizdäki aýlarda Russiýanyň harbylarynyň mümkin hereketleri barada aňtaw maglumatlaryny beren bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar.

Ukrain harbylary Russiýanyň täze hüjüme taýýarlanýan bolmagynyň mümkindigi barada duýduryp gelýärler.