ABŞ “Wagner toparyna” garşy täze sanksiýalary girizmegi planlaşdyrýar

"Wagner" toparynyň başlygy Ýewgeniý Prigožin

ABŞ öňümizdäki hepde “Wagner toparyna” garşy goşmaça sanksiýalary girizer. Birleşen Ştatlar bu toparyň Russiýanyň Ukrainadaky alyp barýan urşuna ýardam berýändigini aýdýar.

20-nji ýanwarda anonimlik şertinde maglumat beren ABŞ-nyň ýokary derejeli bir resmisiniň sözlerine görä, Maliýe departamenti “Wagneri” Transmilli Jenaýat Guramasy hökmünde ykrar eder we oňa garşy goşmaça sanksiýalary girizer.

Munuň netijesinde, ABŞ-daky “Wagnere” degişli emläkler doňdurylar we amerikanlara onuň bilen iş alyp barmak gadagan ediler.