Korrupsiýa galmagaly sebäpli has köp ukrain prokurory işden aýryldy

Bezeg suraty

Tutuş ýurt boýunça birnäçe ýokary derejeli resminiň işden çekilmegine we wezipesinden boşadylmagyna alyp gelen korrupsiýa galmagalynyň arasynda, Ukrainanyň bäş sebitiniň prokurorlary wezipelerinden gyrakladyldy.

Baş prokuratura 25-nji ýanwarda Zaporižýa, Kirowohrad, Poltawa, Sumy we Çernihow sebitleriniň prokurorlarynyň wezipelerinden boşadylandygyny aýtdy.

Bu galmagal 22-nji ýanwarda, ýerli metbugatda Goranmak ministrliginiň goşuny azyk bilen üpjün edýänlere aşa köp pul töleýändigi baradaky aýyplamalar peýda bolanyndan soň turdy.