Gyrgyzystanyň öňki premýeriniň orunbasary galplykda aýyplanýar

Jeniş Razakow

Gyrgyzystanyň öňki premýer-ministriniň orunbasary Jeniş Razakow galplyk aýyplamalary bilen tussag edildi.

Hukuk goraýjy edaralaryň anonimlik şertinde gürleşen resmiler 26-njy ýanwarda Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna Razakowyň häzirki wagtda deslapky tussaglykda saklanýandygyny aýtdylar. Olar goşmaça maglumat bermekden saklandylar.

2012-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli merkezi aziýa döwletiniň premýer-ministriniň orunbasary bolup işlän Razakowyň tussag edilendigi barada resmi habar berilmedi.