Pakistan resmileri 29-njy ýanwarda demirgazyk-günbatar Haýber Pahtunhwa sebitiniň meşhur syýahatçylyk mekany bolan Tanda kölünde, gämileriniň agdarylmagy netijesinde, azyndan 12 çaganyň ölendigini habar berdiler.
Ýerli gyssagly kömek gullugynyň metbugat sekretary Bilal Faizi azyndan bäş çaganyň halas edilendigini, emma olaryň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.
Polisiýa gämi agdarylanda, onuň üstünde azyndan 25 çaganyň - Mirbaz Khel dini mekdebiniň okuwçylarynyň bolandygyny aýtdy.
Halas ediş işleri dowam edýär, ölenleriň sanynyň artmagyna garaşylýar.