Özbegistan we Gyrgyzystan öz raýatlary üçin serhetden geçmek düzgünlerini ýönekeýleşdirmek ylalaşygyna geldi diýip, UzA habar berýär.
Iki ýurduň arasynda raýatlaryň özara syýahatlary barada 2006-njy ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen hökümetara şertnamasyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.
Bu şertnama üýtgetme girizmek baradaky teswirnamalar Şawkat Mirziýoýewiň 27-nji ýanwarda Bişkek şäherine eden sapary wagtynda alşyldy.
Indi Özbegistanyň ähli raýaty pasport görkezmezden, şahsyýetnamalary bilen Gyrgyzystana girip bilerler. Özbegistana girenlerinde, Gyrgyzystanyň raýatlaryna-da şeýle mümkinçilik berler.