Türkmenistanda aram ýer titremesi boldy

Aşgabat-Tejen ýolunda. Arhiw suraty. 2013 ý.

Tebigy hadysalar barada maglumat berýän volcanodiscovery.com neşiri üçünji gün, 1-nji fewralda Türkmenistanyň çäginde aram sarsgyndaky ýer titremesiniň bolandygyny habar berýär.

4,3 güýjündäki ýer sarsgyny Türkmenistanyň Ahal sebitiniň Tejen etrabynyň 54 km günorta-günbatarynda boldy diýip, habarda onuň wagty görkezilýär.

Türkmenistan tebigy hadysalar, şol sanda ýer yranmalary, suw joşgunlary, ilata abanýan howp-hatarlar barada ýasaýjylara wagtynda maglumat bermegi kän zerur hasaplamaýar.