“Demir gümmezi” goşmak bilen, Netanýahu Ukraina harby kömek berjekdigini aýdýar

 Benýamin Netanýahu

Premýer-ministr Benýamin Netanýahu CNN telekanalyna beren interwiýusynda Ysraýylyň Ukraina harby kömek ibermegi ret etmeýändigini aýtdy.

Netanýahu Kiýewe harby goldaw bermegi “kesgitli nazarda tutýandygyny” aýtdy. Ol Ysraýylyň “Demir gümmez” raketa garşy goranyş ulgamynyň Ukraina iberilmegi baradaky meselä seretmäge taýýardygyny aýratyn belläp geçdi.

Şeýle-de Netanýahu, eger-de iki tarap we ABŞ razy bolsa, özüniň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gepleşiklerde araçy hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny aýtdy.

Şu aralykda, ISNA ýarym resmi habar gullugynyň 2-nji fewralda beren habaryna görä, Eýran merkezi Isfahan şäheriniň golaýyndaky harby zawoda pilotsyz uçarlar arkaly edilen hüjümde Ysraýyly günäkärledi we ar aljakdygyny wada berdi.

Degişli maglumat Eýranyň harby desgasyna dron hüjümi edildi