ABŞ Ukrainany 150 kilometre çenli ýetýän raketa bilen üpjün eder

Bahmutdaky söweş

Waşington 3-nji fewralda Ukraina beriljek 2,2 milliard dollar çemesindäki täze harby kömek bukjasyny yglan etdi.

Bu kömek netijesinde Kiýew 150 kilometre çenli aralyga ýetýän we GLSDB raketa dwigateli bolan ýokary takyklykly bombalary ilkinji gezek alar.

Mundan başga, paketde uçara garşy ulanylýan “Hawk” raketa ulgamlary, “Puma” dronlary, “Javelinler” we tapgyrlaýyn zarba urýan HIMARS ulgamlary üçin raketalar bilen üpjün ediler.

Şeýle-de, “Inside Defence” neşiriniň Pentagona salgylanyp ýazmagyna görä, täze kömek bukjasyna termiki şekillendirişli agyr pulemýotlar, ultra goragly sowutly ulaglar, köp sanly ok-däri, aragatnaşyk we meýdan enjamlary girer.