Zelenski frontda ýagdaýlaryň agyrdygyny aýtdy

Ukrainanyň prezident Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezident Wolodymyr Zelenski Russiýanyň söweş meýdanyna barha köp güýçlerini iberýändigini aýtdy. Ol Ukrainanyň gündogar sebitlerindäki ýagdaýlaryň has hem ýaramazlaşýandygyny belledi.

“Basybalyjy biziň goranyş liniýamyzy böwüsmek üçin has köp goşunyny ýollaýar” diýip, Zelenski 4-nji fewralda eden çykyşynda aýtdy. Ol Bahmut, Wuhledar sebitlerinde ýagdaýlaryň “has kyndygyny” sözüne goşdy.

Bu aralykda, Ukrainanyň energiýa ministri Herman Haluşçenko günortadaky port şäheri Odessada möhüm energiýa üpjünçiliginiň täzeden ýola goýlandygyny habar berdi. Mundan öň rus raketalarynyň ençeme tapgyr zarbasyna duçar bolan bu şäherde, elektrik stansiýadaky awariýa sebäpli tok üpjünçiligi kesilipdi.