Dünýäniň iň uly läbik wulkanlarynyň biri gaýnamaga başlady

Resmi maglumata görä, Türkmenistanda bu wulkanlaryň ählisine «gaýnak» diýilýär.

Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Akpatlawuk wulkany gaýnap başlady diýip, “MIR 24” teleýaýlymy habar berýär.

Depäniň beýikligi 60 metrden gowrak, halk içinde ol "Ak wulkan" diýlip atlandyrylýar, adamlar ony janly organizm bilen deňeşdirýärler, gaýnag wagtynda kraterden uludan dem alynýan ýaly ses eşidilýär diýip, habarda aýdylýar.

Çogup çykýan suwly, çökündi we nebit garnuwly läbikden kükürt ysy gelýär.

“Wulkan dürli sebäplere görä oýanyp biler. Gazlaryň bir ýerlerde toplanan bolmagy ähtimal, şonuň üçin ýerasty suwlar wulkanyň howaly bölegine has işjeň girýär. Olar gatylygy ýumşadýarlar, palçyk has plastik häsiýete geçýär” diýip, neşir ekolog Meretdurdy Kiçimowa salgylanyp habar berýär.

Şeýle-de ekolog wulkandaky häzirki alamatlaryň howply däldigini belläpdir.