Ukraina-ABŞ: goranmak ministrleri ýaranlaryň ýygnagyndan öň “ileri tutulýan ugurlary” gürleşýärler

Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksiý Reznikow (sagda) we ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin. Brýussel, 2022-nji ýylyň 12-nji oktýabry

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin we Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksiý Reznikow Kiýewiň ýaranlarynyň Brýusselde geçiriljek duşuşygynyň öňüsyrasynda howa goranyşy we artilleriýa ýaly "ileri tutulýan ugurlar" barada pikir alyşdylar. Bu barada taraplaryň ikisi-de 11-nji fewralda giçlik habar berdiler.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý we Kiýewiň beýleki resmleri ýaran döwletleri ABŞ-nyň "M1", "Abrams", Germaniýanyň "Leopard 2" we Britaniýanyň "Challenger 2" söweş uçarlaryny ibermäge çagyrýarlar.

Pentagonyň baş metbugat sekretary eden beýanatynda Ostin we Reznikow wada berlen mümkinçilikleri mümkin boldugyça çalt bermegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar diýdi.