Işewür we hakyna tutma söweşijileriň “Wagner” toparyny esaslandyryjy Ýewgeniý Prigožin "troll fabrigini" döredendigini we maliýeleşdirendigini ilkinji gezek boýun aldy. Ol muny “Der Spiegeliň” Prigožiniň “Internet gözleg gullugy” diýlip atlandyrylýan agentligi maliýeleşdirendigi ýa däldigi baradaky soragyna jogap berende aýtdy.
"Men hiç haçan “Internet gözleg gullugynyň” ýönekeý maliýeleşdirijisi bolmadym. Men ony oýlap tapdym, döretdim we uzak wagtlap dolandyrdym" diýip, Prigožin aýtdy.
"Troll fabrigi" barada ilkinji gezek 2013-nji ýylda gürrüň edilip başlandy. Muňa Sankt-Peterburgyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň birnäçesine edilen DDOS hüjümi, Ýewgeniý Prigožiniň eýeçiligindäki “Konkord” toparynyň PR bölüminiň bir işgäriniň kompromat gözlemek üçin Sankt-Peterburgdaky redaksiýa girizilmegi sebäp boldy.
Şonda “Nowaýa Gazetanyň” žurnalistleri bildiriş tapyp, Olgindäki bir ofisde işe ýerleşmäge synanyşdylar we ol ýerde “Konkord” toparynyň işgärine duşdular.
Prigožiniň özi bu baglanyşygy ret etdi. Ol hatda 2022-nji ýylyň awgust aýynda, at-abraýyny we mertebesini goramak üçin, “The Guardian” gazetiniň we Angliýanyň döwlet sanly ulgam gullugynyň baş ýerine ýetiriji direktory Tom Ridiň üstünden şikaýat hem etdi.
Oňa internetde Russiýanyň urşa tarapdar ýalan maglumatlaryny ýaýradýan "troll fabriginiň" özüne degişli bolmagynyň ahmaldygyny aýdýan makala ýaramady diýip, Angliýa aýdýar.