Gyrgyz kazyýetleri AÝ/AR-yň şikaýat arzalary baradaky sud diňlenişigini yza süýşürdi

Bişkek Administratiw kazyýeti 17-nji fewralda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň şikaýat arzalary babatdaky sud diňlenişiginiň wagtyny 2-nji marta süýşürdi.

Iki gyrgyz kazyýeti Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyzystanda websaýtlarynyň petiklenilmegi we bank hasaplarynyň doňdurylmagyna garşy arzalary boýunça deslapky kazyýet diňlenişikleriniň wagtyny yzy süýşürdi.

Bişkek Administratiw kazyýeti 17-nji fewralda “Amerikanyň sesi” bilen hyzmatdaşlykda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan dolandyrylýan "Current Time" kanalynyň hukuk durumyny öz kätipliginiň ilki bilen Gyrgyz Adalat ministrliginden anyklamalydygyny aýdyp, kazyýet diňlenişiginiň wagtyny 2-nji marta süýşürmek barada karar kabul etdi.

Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň websaýtlary petiklenilende “Current Time” kanalynyň geçen güýz gyrgyz-täjik serhedinde bolan çaknyşyklar baradaky wideosyna salgylanypdy.

Ministrlik bu wideonyň awtorlarynyň “esasan” Täjigistanyň tarapyny tutandygyny aýtdy.

AÝ/AR-yň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Jeými Flaý teleradio ýaýlymyň "deňagramly habar bermek baradaky ygrarlylygyna çynlakaý çemeleşýändigini" we wideonyň mazmuny gözden geçirilenden soň, radionyň "standartlarynyň bozulmandygynyň" anyklanandygyny aýtdy.