Pakistanda “Talyban” polisiýa has köp hüjüm etjekdigini aýdýar

17-nji fewralda Karaçide polisiýa binasyna edilen hüjümde dört adam öldi.

Pakistandaky “Talyban” topary kanun goraýjy gulluklaryň işgärlerine garşy has köp hüjümleri amala aşyrjakdygyny yglan etdi.

Bu beýanatdan bir gün öň, ýagny 17-nji fewralda Karaçi şäherinde polisiýanyň binasyna janyndan geçeniň hüjümi netijesinde dört adam heläk boldy.

Pakistanda “Talyban” bilen göreşde esasan polisiýa güýçleri çekilýär. Jeňçiler ýygy-ýygydan ofiserleri nyşana alýarlar.