ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 19-njy fewralda Türkiýä mundan beýläk-de kömek beriljekdigini yglan etdi we Waşingtonyň şu aýda bolan ýer titremesinden soňky gaýtadan gurmak tagallalarynda Ankara uzak möhletleýin kömek berjekdigini aýtdy.
6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda we goňşy Siriýada 7,8 bally ýer titremesi bolup, 45,000-den gowrak adam öldi.
Blinkeniň Türkiýä sapary wagtynda Anakarynyň NATO ýaranlygyna goşulmagyny tassyklamakdan boýun gaçyran iki demirgazyk ýurdunyň, Şwesiýanyň we Finlandiýanyň harby bileleşige goşulmak üçin beren arzalary barada hem maslahat edilmegine garaşylýar.
Türkiýe hususan-da Stokgolmda terrorçy toparlaryň agzalary diýilýänleriň saklanylýandygyny öňe sürýär.