“Geň syýasy nusga”. “Öňküleriň” Dubaýdaky duşuşygy we Merkezi Aziýa

Garaşsyz Gyrgyzystanyň prezidentleri

Merkezi Aziýanyň syýasatçylary we analitikleri Gyrgyzystanyň öňki we häzirki prezidentleriniň bir stoluň başyndaky duşuşygy barada, öz garaýyşlaryny paýlaşdylar.

Özbek syýasy bilermeni we Halkara Karnegi merkeziniň ylmy işgäri Temur Umarow Gyrgyzystan Respublikasynyň baştutany Sadyr Žaparowyň bu ädimine minnetdarlyk bildirip, ony şeýle düşündirdi:

‒ Göwnüme bolmasa, owaly bilen bu duşuşyk simwoliki taýdan möhüm, sadaça aýdylanda, Gyrgyzystanyň häzirki taryhynda prezidentleriň – öňküleriň, häzirki we geljekde-de – gatnaşyklary hemişe dartgynly boldy. Aýratyn-da, bir ýagdaýy nazarda tutmak gerek, her bir täze prezident gozgalaňdan ýa-da özünden öňdäki ýolbaşçy bilen çaknyşykdan soň wezipä geldi. Dogrudan-da, bu görlüp-eşidilmedik duşuşyk, ol Gyrgyzystanyň içerki ýokary syýasy gatlagynyň özara gatnaşygyna täze kesgitleme berer.

Ikinjiden; meniň pikirimçe, Sadyr Žaparowyň diňe bir öz tarapdarlary köp mümkinçilikleri ellerinde toplaýança häkimiýetde galjak prezident däldigini görkezmegi örän möhüm ýagdaý. Ol öz derejesini diňe bir özüni saýlan jemgyýetde däl, eýsem ýokary syýasy toparyň arasynda hem ykrar etdirmek isleýäne meňzeýär. Ol tutuş ýurduň pikir-garaýyş babatda agzybirliginiň ýokary gatlaga hem [degişlidigini] görkezmek isleýär.

Meniň pikirimçe, Sadyr Žaparowyň gazanmak isleýän esasy zady – geljek üçin öz howpsuzlygyna kepillik. Sebäbi bu ýurtda prezidentleriň öz häkimiýetini nähili garaşylmadyk we çalt ýitirip biljekdigini göz öňünde tutup, häkimiýetiň bir adamdan beýleki adama parahatçylykly geçirilmegini gazanmak üçin, şeýle instituty döretmek möhüm. Eger ol häkimiýetde adatdakydan näçe köp durup bilse, beýleki prezidentler hem has köpräk galarlar. Başgaça aýdylanda, Sadyr Žaparow özüne howpsuz gelejek taýýarlaýar hem-de geljekki prezident saýlawlaryna çenli wagt bardygyny göz öňünde tutup, muňa gaty ir başlaýar.

Tunis bilen deňeşdirmek

Gazak syýasy bilermeni Dosym Satpaýew Dubaý duşuşygynyň "Merkezi Aziýada geň syýasy nusga" bolandygyny ýazýar. Sebäbi Sadyr Žaparow "öňküleriň birek-biregine köp närazylyklarynyň bardygyna garamazdan, Gyrgyzystanyň ozalky prezidentlerini bir stoluň başyna ýygnap bildi":

‒ Bu nähilidir 2013-nji ýyldaky Tunisi ýatladýar, ol ýerde dürli syýasy güýçlerden ybarat bolan, "Tunis milli dialog kwarteti" peýda bolanda, öz syýasy nägileliklerini we düşünişmezlikleri bir ýana goýup, döwletiň bähbitleriniň hatyrasyna birleşmek hakynda karar kabul edildi. Bu syýasy kwartet soňra parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny alýar.

Elbetde, ahyrky netijede Gyrgyzystan babatynda alsak, esasy tapawut Sadyr Žaparow häkimiýeti öňki prezidentler bilen paýlaşmak islemeýär, ýöne ýurdy özi hem wezipeden gidende, dürli syýasy güýçleriň arasynda nähilidir bir mertlik ylalaşygynyň bolmagyna, öz bähbitlerini döwletiň bähbidinden ýokary tutmazlyga taýýarlamak isleýär.

Onuň näme bilen gutarjagyny aýtmak kyn, emma munuň özi Sowet Soýuzyndan soňky giňişlikde şeýle edilen ilkinji syýasy nusgalaryň biridir.

Belki-de, bu goňşy awtoritar ýurtlara garanyňda, Gyrgyzystanyň 2005-nji ýyldan bäri ýurtda syýasy medeniýetiň derejesiniň uly möçberde ýokarlanandygyny alamatlanýan görkezijidir, olarda [goňşularynda] durgunlylygy rahatlyk hökmünde görkezdiler, häkimiýet ugrundaky göreş bolsa içerki oýunlara öwrülipdi.

Türkiýede ýaşaýan özbek syýasatçysy, “Erk” partiýasynyň lideri Muhammet Salyh Gyrgyzystanyň ozalky we häzirki ýolbaşçylarynyň duşuşygyny "paýhasly karar" diýip atlandyrdy:

‒ Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň öňki döwlet baştutanlaryny bir ýere jemläp, häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmagy we milletiň haky üçin agzybirlik gazanmak karary paýhasly bolsa gerek. Liderler milli agzybirligi we bitewiligi gazanmak hem-de halkyň aladasyny edip, gowy kararlary amala aşyrmak isleseler gowy bolardy diýmek isleýärin. Biz ‒ Özbegistanyň demokratlary we oppozisiýasy Sadyr Žaparowyň bu başlangyjyny doly goldaýarys, şeýle hem Merkezi Aziýanyň liderlerini ondan görelde almaga çagyrýarys. Biz bu başlangyjy populizm hasaplamaly däldiris.

Indiki ädim nähili bolar?

Täjigistanyň Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň lideri Muhiddin Kabiri hem Dubaýda geçen duşuşyga oňyn baha berip, Sadyr Žaparowyň indiki ädiminiň nähili boljakdygyna ünsi çekdi:

‒ Men meseläniň hukuk tarapyna baha bermäýin… Ýöne men syýasatçy hökmünde, munuň örän aýratyn wakadygyna ynanýaryn. Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň bu hereketine hormat goýmaly, diňe oňa däl, Gyrgyzystanyň beýleki prezidentleriniň şeýle duşuşyga gelmegine-de. Men bir ýerden okadym ýa-da eşitdim, olaryň ählisi şeýle ýygnagyň geçiriljekdigini bilmeýänem eken. Diýmek, ol ilki bilen, şeýle üýtgeşik ädimlere taýýar eken, ikinjiden, ol bäsdeşlerden, öňki prezidentlerden, oppozisiýadan gorkmaýar. Merkezi Aziýanyň beýleki prezidentlerinden tapawutlylykda, şol sanda biziňkiden, onuň (Täjigistanyň prezidenti – red.) bäsdeşleri ýa-da öňki prezidentler däl, eýsem žurnalistler bilen duşuşmaga-da ukyby ýok.

Ýöne men oňa demokrat ýa-da liberal diýjek bolamok, ýok. Şonuň üçin bu ýerde Žaparowyň we onuň umumy strategiýasynyň anyk ädimini, ýurdy nirä alyp barýandygyny tapawutlandyrmak zerurdyr. Hawa, men Gyrgyzystanda syýasy tussaglaryň köpdügi bilen ylalaşýaryn. Ýöne bu nähilem bolsa öňe ädim. Eger ol şu ýol bilen gitse, nähilidir bir ýol bilen öňki prezident Atambaýewi azatlyga çykaryp, jenaýat gözleginde durýan beýleki prezidentler bilen duşuşan bolsa, şonuň üçin ol ikinji ädimi ätmeli. Başgaça aýdanda, beýleki syýasatçylar – türmede oturanlar babatynda-da şeýle hereket bolmalydyr. Meniň pikirimçe, Žaparow şu ýola giden bolsa, onuň yzyndan beýleki ädimler bolar diýip umyt edýärin.

Degişli maglumat Çolpon-Atada geçirilen sammit: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri haýsy meseleler boýunça özara pikir alyşdylar?

Bilýäňizmi, biziň Täjigistanymyzda-da şuňa meňzeş ýagdaý ýüze çykypdy. Emomali Rahmon heniz sürgünde hem derňew astynda bolanda, oppozisiýa bilen gepleşik stolunyň başynda oturmaga mejbur bolupdy. Ýogsa-da, [şol prosesiň] biri Bişkekde bolup geçdi. Oňa menem gatnaşypdym. Indi tapawut näme? Rahmon diňe bir oppozisiýa tarapyndan däl, eýsem Russiýa, Eýran we ş.m. tarapyndan hem mejbur edilipdi. Rahmon meýdanyny [syýasy] bäsdeşlerinden arassalansoň, gepleşik stolunyň başynda oturmak islemeýär, hatda žurnalistler bilen hem duşuşmaýar.

Žaparow bolsa bu ädime öz meýili bilen gidip, (öňki prezidentlere) jaň etdi. Indi ol munuň populist hereket däldigini, dogrudan-da halky agzybirlige çagyrmak isleýändigini görkezmeli. Halky birleşdirmek üçin bolsa, Dubaýda ikinji duşuşyk, bilmedim, Stambulda bir ýerde – ol ýeterlik däl. Ol duşuşyklar Bişkekde ýa-da Yssyk-Kölde geçirilmeli, gepleşik stolunyň başynda oppozisiýanyň we jemgyýetiň beýleki wekilleri oturmaly, şonda Gyrgyzystanyň halky munuň agzybirlige gönükdirilendigine ynanar.

Ýeri gelende aýtsam, meniň pikirimçe, gyrgyzlar, siz muny görkezdiňiz... Siz diňe bir rewolýusiýalaryňyz bilen däl, diňe prezidentleriňiziň hereketlerini çäklendirmek bilen däl, eýsem öz žurnalistikaňyz, syýasatçylaryňyz we jemgyýetçilik işjeňligiňiz bilen-de... Siz (muny ak göwünden aýdýaryn) Merkezi Aziýanyň beýleki halklaryndan biraz tapawutlanýarsyňyz. Men muny biz – täjikler we gyrgyzlar serhet meselesinde örän çylşyrymly gatnaşyklarda bolanymyzda-da aýdýaryn.

Ylalaşyk hem ”uly özgerişlige” mümkinçilik

Fransiýada ýaşaýan türkmen syýasatçysy Myrat Gurbanowyň pikirine görä, Dubaýda geçirilen duşuşygyň esasy maksady döwletliligi saklamak:

‒ Häzir Moskwanyň imperator sistemasy hökmünde yza çekilip, öz koloniýalaryny boşadýan wagty. Bu uzak dowam etmez! Ynanaýyň, uzak dowam etmez. Ol ýakyn 5-7 ýylyň dowamynda goýberer, ýene-de özüne girýänçä, häzir onuň dişi döwüldi. Bu döwürde olar (Merkezi Aziýanyň ýurtlary – red.) birleşer ýaly ýa-da Moskwanyň garşysynda özbaşdak durar ýaly, ýa-da beýleki regional oýunçylara garşy milletleri birleşdirmegiň käbir täze sistemany gözleýärler.

Olar (Gyrgyzystan Respublikasynyň öňki we häzirki prezidentleri – red.) ylalaşýarlar. Žaparow her oppozisiýanyň käbir şertlerini berjaý eder. Ýagny indi mesele prezidentlik barada däl-de, döwletlilik hakda: ol dargamazmy? Ol şunuň bilen baglanyşykly ylalaşyk üçin, Russiýa çekilende, olar hemmelere garşy durmaz ýaly, oppozisiýada durmaz ýaly olary ýygnady...

Syýasy göreş mydama häkimiýet ugrunda gidýär. Baş maksat – döwlet; ol dargasa, onda hiç kime häkimiýet ýetmeýär: ne Žaparowa, ne başgalara. Şonuň üçin olar bilen umumy dil tapjak bolýar, döwletligi gorap saklamak we pugtalandyrmak maksady bilen ylalaşyk baglaşýarlar. Sebäbi başga ýol ýok.

Žaparow häzir oppozisiýanyň hemmesini diýen ýaly tussag etdi. Sebäbi döwlet, gynansak-da, şu günki günde hökümet. Hökümet bolsa ýerine ýetiriji häkimiýetdir – ol milletden, ýagny halkdan örän üzňe. Ol hökümeti we halky birleşdirmek isleýär. Munuň üçin oňa ýardamçylar gerek. Ýa-da şol maslahat.

Mysal üçin, Fransiýada-da döwletlilik bilen bagly meseleler ýüze çykanda, prezidentleriň maslahaty geçirilýär. Ýagny öňki prezidentleriň ählisi duşuşyp, dörän meseläni ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu maslahat beriji, ýöne, aýdaly, örän hünärmen. Ol Senatdan beýik. Ýokary palatadan hem beýik. Çünki ol adamlar häkimiýeti dolandyranlar, bu howplar barada eşitmiş däl, eýsem özleri oňa garşy iş alyp barypdyr.

Mesele şunda, ýogsa ýygnanyşmakdan hiç hili many ýok, olaryň hersi bir-birine garşydaş. Kurmanbek Bakyýew – köp adamyň ölümine sebäp bolan hakyky şahsyýet we başgalar. Meniň pikirimçe, onuň jenaýat işlerine ylalaşyjy ýagdaýda özbaşdak baha berler. Häzir Žaparowyň maksady ähli zady, ähli dawalary söndürip, bar adamy diňe döwletiň daşyna birleşdirmek. Çünki onuň pozisiýasy beýle bir güýçli däl... Islendik wagt ony aýryp bolýar.

Merkezi Aziýada bolup geçýän ähli ýagdaý – her ýurt üçin meňzeş.

Ýöne men [şu duşuşykdan] netije bolar diýip pikir etmeýärin, sebäbi agzalalyk örän ýokary. Biraz wagtlyk, 2-3 aýyň dowamynda, belli bir derejede ylalaşyk bolar. Ýöne ol ylalaşyk täze tolkun bilen – Ukrainanyň hem Russiýanyň arasyndaky uruş sebäpli ýapylar. Ýagny eger Russiýa güýçli yza daşlaşsa, onda uly özgerişlik bolmaz... Ýakyn alty aýda Merkezi Aziýada örän uly özgerişler bolar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.