Eýran uzak aralyga niýetlenen kruiz raketany işläp taýýarlandygyny öňe sürýär

Yslamçy rewolýusiýa sakçylary korpusynyň aerokosmos güýçleriniň başlygy Amirali Hajizadeh

Eýran 1650 kilometr aralyga çenli ýetýän kruiz raketasyny işläp taýýarlady diýip, ýurduň Rewolýusiýa sakçylarynyň ýokary derejeli komandiri 24-nji fewralda aýtdy.

Bu çykyş, Russiýanyň Ukrainadaky uruşda Eýranyň pilotsyz uçarlaryny ulanmagyndan soň, Günbatarda aladalaryň döremegine sebäp boljaga meňzeýär.

Yslamçy rewolýusiýa sakçylary korpusynyň aerokosmos güýçleriniň başlygy Amirali Hajizadeh ABŞ-nyň ýokary derejeli komandiri öldürmegi bilen baglanyşykly Eýranyň yzygiderli gaýtalaýan haýbatyny tekrarlap, "Biz [ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald] Trampy öldürmäge çalyşýarys" diýdi.

Tähran garaşsyz tassykladyp bolmaýan harby güýji baradaky öňe sürmeleri ýygy-ýygydan orta atýar.