'G20': maliýe ministrleri urşy biragyzdan ýazgarmak maddasy boýunça ylalaşmadylar - Hytaý we Russiýa garşy çykdy

Maliýe ministrlikleriniň, merkezi banklaryň ýolbaşçylary we "G20" toparynyň Bangalorda jemlenen beýleki wekilleri. Hindistan, 2023-nji ýylyň 24-nji fewraly.

"G20" toparyna girýän ýurtlaryň Maliýe ministrlikleriniň we Merkezi banklarynyň ýolbaşçylary Bangalorda geçirilen ýygnakdan soň beýannamanyň teksti barada ylalaşdylar, emma Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweş baradaky resminamanyň käbir bölekleri biragyzdan goldaw tapmady.

Bu Hytaý bilen Russiýanyň oňlamadyk iki maddasyna degişli. Olaryň birinde urşy berk ýazgarmak barada aýdylýar we munuň adamzadyň uly görgülerine sebäp bolýandygy, ykdysady ösüşe päsgel berýändigi we maliýe durnuklylygyna töwekgelçiligi ýokarlandyrýandygy bellenýär. Mundan başga-da, bu maddada ýagdaýa baha bermek we sanksiýalar barada başga pikirleriň hem bolandygy agzalýar.

Bu madda, "G20" toparynyň geçen ýylyň noýabr aýynda Indoneziýada bolan sammitinde edilen beýanata meňzeýär. Şol resminamada Russiýanyň Ukrainanyň çägindäki harby hereketleri ýazgaryldy.

Ýurtlaryň käbiri tarapyndan kabul edilmedik başga bir maddada, parahatçylygy we durnuklylygy kepillendirýän halkara hukugyny goldamagyň zerurlygy barada aýdylýar. “Konflikti parahatçylykly çözmek, krizisiň öňüni almak tagallalary we diplomatiýa iňňän wajypdyr. Häzirki döwür uruş döwri bolmaly däldir "- diýilýär.

"Reuters" habar gullugynyň söhbetdeşleri ozal Russiýanyň beýleki talaplary bilen bir hatarda resminamada "söweş" sözüni agzamazlygy isländigini mälim edipdi. Rus häkimiýetleri Ukrainanyň çägindäki söweşleri "ýörite harby operasiýa" diýip atlandyrýarlar.

Soňky dokument boýunça gepleşikler gaty kyn geçdi diýip, "Reuters" habar berýär.

2022-nji ýylyň noýabr aýynda Balide geçirilen sammitde gatnaşyjylaryň köpüsi Russiýanyň Ukraina garşy söweşini berk ýazgardylar we munuň adamzadyň ejir çekmegine hem dünýä ykdysadyýetinde durnuksyzlygy güýçlendirýändigini aýtdylar. Duşuşygyň jemleýji dokumentinde aýdylmagyna görä, uruş global ykdysady ösüşi saklaýar, inflýasiýany ýokarlandyrýar, azyk üpjünçilik düzgünini bozýar we ýangyç ýetmezçiligini artdyrýar.