Eýran rialy hümmetini gaçyryp, täze pes derejä düşdi

Ýurduň dawaly ýadro programmasy, adam hukuklarynyň gödek bozulmagy we Russiýany pilotsyz uçarlar bilen üpjün etmegi sebäpli ýokarlanýan halkara izolýasiýasynyň arasynda, Eýranyň milli puly rial 26-njy fewralda, resmi däl bazarda ABŞ dollarynyň garşylygyndaky hümmetini rekord derejede pese gaçyrdy.

ABŞ-nyň dollary Eýranyň resmi däl bazarynda 24-nji fewralda 540,000 rial, bir gün ozal 575,000 rial bahalanan bolsa, häzir 601,500 riala çykdy diýip, Bonbast.com walýuta alyş-çalyş saýty habar berdi.

Eýran häkimiýetleri milli walýutanyň hümmetiniň gaçmagyny "duşmanlaryň dildüwşügi" bilen düşündirmäge synanyşdy, ýagny olaryň 16-njy sentýabrda türme tussaglygynda ýogalan ýaş gyzyň ölümi sebäpli başlanan we birnäçe aýlap dowam eden tolgunyşyklardan soň, ýurdy durnuksyzlaşdyrmak isleýändigini öňe sürdi.