Bahmut ugrundaky söweş 'ýygjamlaşýar', Zelenski ruslaryň has kän esger sürýändigini aýdýar

Bahmuty goraýan ukrain esgeri. 25-nji fewral, 2023.

Ukrain goragçylarynyň yzygiderli hüjüm tolkunlary bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýerinde Bahmut ugrundaky gazaply söweşler dowam edýär, prezident Wolodymyr Zelenski we harbylar 1-nji martda gündogar Donetsk sebitindäki şähere edilýän hüjümleriň ýene güýçlendirilendigini aýtdylar.

Moskwanyň güýçleri Donetsk sebitiniň Limansk, Awdiýewka we Şahtar şäherlerine hem hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň gündelik hasabatynda aýdylýar. Bu ýerler indi birnäçe hepde bäri rus güýçleriniň Bahmut bilen bilelikde esasy nyşanalary bolup durýar.

Ukrain güýçleri bir günüň dowamynda 85-den gowrak duşman hüjümini yzyna serpikdirdi diýip, ukrain harbylary aýtdy. Bu ondan öňki 24 sagadyň dowamyndan edilen 60 hüjüm bilen deňeşdirilende, aralykda uly tapawudyň bardygyny görkezýär.

Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlaryň iki sanysy Ukrainanyň howa goragy tarapyndan urlup ýykyldy, howadan urlan 12 zarba, ukrain çägine atylan iki raketa netijesinde birnäçe parahat adam ýaralandy diýip, harbylar aýtdy.

Russiýa ukrain güýçlerine barha kän basyş edip, Bahmutyň daşyny gabap almak ugrunda edýän dowamly synanyşyklarynda harby gulluga alnan pyýada esgerleri barha köp ulanýar.

"Russiýa adamlary asla hasaba alman, biziň pozisiýalarymyza hüjüm etmek üçin, olary yzyny kesmän iberýär. Söweşleriň ýygjamlaşmagy diňe ýokarlanýar" diýip, Zelenski 28-nji fewral agşamy eden çykyşynda aýtdy.

ABŞ-nyň Goranmak departamentiniň bir resmisi 28-nji fewralda Ukrainadaky fronty "surnukdyryjy” diýip häsiýetlendirdi. Ýöne ol özüniň Russiýa bu golaýlarda düýpli territorial ilerleme gazanyp biler diýip pikir etmeýändigini aýtdy.

"Siziň gelýän hepdelerde we aýlarda territoriýanyň ownuk bölekleriniň elden ele geçmegini görüp bilmegiňiz mümkin" diýip, ABŞ-nyň goranmak ministriniň syýasat boýunça geňeşçisi Kolin Kahl ABŞ-nyň Wekiller öýünde geçirilen diňlenişikde aýtdy.

"Meniň pikirimçe, ol ýerde ruslaryň Ukrainany basyp alyp, indiki bir ýylda ýa bu golaýlardaky başga bir wagtda düýpli territorial ilerleme gazanyp biljekdigini görkezýän bir alamat görünmeýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň gury ýer goşunlarynyň serkerdesi, general Oleksandr Sirskiý 27-nji fewralda Bahmut sebitindäki ýagdaýyň "adatdan daşary dartgynly" bolandygyny aýtdy.

"Uly ýitgi çekmegine garamazdan, duşman Wagneriň [hakyna tutulanlaryň] iň gowy taýýarlanan hüjümçi bölümlerini söweşe sürdi, olar biziň goşunlarymyzyň goragyny böwsüp, şäheri gabamaga çalyşýarlar” diýip, Sirskiý aýtdy.

Russiýanyň basyşynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen, ukrain güýçleri Bahmutdan "strategiki taýdan yza çekilip" biler diýip, Zelenskiniň geňeşçisi 28-nji fewralda CNN telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

"Russiýa häzirki wagtda [Bahmutyň] daşyny gabamaga synanyşýar we bu hüjümde olar “Wagneriň” iň gowy goşunlaryny ulanýarlar, görnüşinden, iň gowy taýýarlanan we iň tejribeli" diýip, ykdysady geňeşçi Oleksandr Rodnianskiý CNN telekanalyna beren interwýusyndaaýtdy.

“Elbetde, biziň harby güýçlerimiz ähli mümkinçilikleri nazara alar. Şu wagta çenli olar şäheri saklamagy başardylar, ýöne zerur bolsa, strategiki taýdan yza çekilerler, sebäbi biz öz adamlarymyzyň ählisini diňe hiç zat üçin gurban etmeris" diýip, Rodnianskiý aýtdy.

Zelenski ýene bir gezek günbatar ýaranlaryna ýüzlenip, olaryň Kiýewi rus goşunlaryndan has netijeli goranmaga mümkinçilik berjek söweş uçarlary bilen üpjün etmegine çagyrdy.