Ukrain güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda Bahmutda birnäçe rus hüjümini yza serpikdirdi diýip, Kiýew 4-nji martda aýtdy. Ýöne Moskwanyň hakyna tutma güýçleri gündogar şäheriň tas doly diýen ýaly daşynyň gabalandygy öňe sürýär.
Muňa garamazdan, Günbataryň harby ekspertleri Bahmutda ýagdaýyň agyr bolmagynda galýandygyny we ukrain goragçylarynyň barha “ýiti basyşlara” sezewar bolýandygyny aýdýarlar.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby özüniň gündelik maglumatynda ukrain goşunynyň soňky bir günüň dowamynda gündogar Donetsk sebitiniň Bahmut, Liman, Awdiýewka we Şahtarsk sebitlerinde rus goşunlarynyň 150-den gowrak hüjümini yza serpikdirendigini aýtdy.
“Duşman dyngysyz Bahmutyň daşyny gabamaga synanyşýar” diýip, Baş ştab aýtdy we ukrain söweşijileriniň şähere ýanaşyk Wasýukiwka, Dubowo-Wasyliwka we Iwaniwske sebitlerinde Bahmutyň daşyny gabamak maksady bilen edilen birnäçe hüjümi yza serpikdirendigini aýtdy.
Ukrain resmileri eger şäheriň goragy has-da agyrlaşsa, öz güýçleriniň Bahmutdan doly çekilmäge mejbur galmagynyň mümkindigini, we ukrainlaryň has güýçli pozisiýalary bolan günbatar we demirgazyk-günbatar sebitlerdäki täze pozisiýalara çekilip biljekdiklerini aýtdy.