Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň gündogaryndaky Bahmut şäheriniň ugry boýunça hüjümlerini dowam etdirýärler. Bu barada Baş harby ştaby 10-njy martda habar berdi.
Maglumata görä, ukrain güýçleri Iwanske we Bahmut ilatly nokatlarynda Russiýanyň “köp sanly hüjümini” ysa tesdiripdirler.
Goranmak ministrligi Bahmutdaky çaknyşyklaryň “ýitileşendigini”, şeýle-de rus güýçleriniň Ukrainanyň gorag liniýasyny böwüsmek ugrunda basyş edýändigini aýtdy.