Britaniýa Olimpik sponsorlaryny rus sportsmenlerine garşy gadaganlygy goldamaga çagyrdy

Halkara Olimpiýa komiteti, rus we belarus sportçylary Ukrainadaky konflikti aktiw goldamaýan halatynda olaryň bitarap baýdak astynda çykyş etmegini dikeltmek üçin ýol kartasyny kesgitledi.

Britaniýa, "Coca-Cola" we "Samsung" ýaly olimpik sponsorlaryny geljek ýylda Parižde geçiriljek tomusky oýunlara gatnaşjak bolýan rus we belorus sportçylarynyň gadagan edilmegini goldamaga çagyrdy.

London, sponsorlaryň basyşynyň Parižde 2024 ýylda geçiriljek oýunlara çenli bir ýarym ýylyň dowam Halkara Olimpiýa komitetine (IOC) täsir berjegini umyt edýär.

Ýanwar aýynda Halkara Olimpiýa komiteti Orsýetiň mundan bir ýyl ozal Ukraina çozmagyndan soň dünýä sportundan çetleşdirilen ruslary we belaruslary gaýtadan dikeltmek üçin ýol kartasyny kesgitledi. Olar konflikti işjeň goldamaýan halatynda bitarap baýdak astynda çykyş edip biler.