Aktiwist Russiýanyň tussag aýallary urşa iberýändigini aýdýar

Samara, tussag aýallar

Russiýa Donetsk sebitiniň basylyp alnan ýerlerine tussaglary, şol sanda aýallary alyp barýan otly iberdi, olar uruşda öldürilen esgerleriň ornuny doldurmak üçin ulanylar diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby habar berdi.

Russiýanyň “Русь сидящая’ “[Türmede] Oturan Rus” hereketini esaslandyryjy Olga Romanowanyň “Важные истории” – “Möhüm wakalar” neşirine aýtmagyna görä, Orsýetiň gündogaryndaky türmede oturan aýallary alyp gaýtdylar.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň aýtmagyna görä, rus goşunlarynyň frontda çeken agyr ýitgileriniň fonunda, Donetsk sebitine tussaglary getirmäge başladylar.

“Geçen hepde tussaglary daşamak üçin plaskart wagonlary bolan otlynyň Donetsk sebitine tarap hereket edýändigi bellige alyndy. Wagonlaryň birinde iş kesilen aýallar bardy" diýip, baş ştab anyklaşdyrdy.

Olga Romanowanyň sözlerine görä, Russiýanyň harby güýçleri geçen ýylyň ahyrynda hem şuňa meňzeş çäreleri görüpdir. “Olary Russiýanyň günortasyndaky koloniýalardan alyp gaýtdylar. Takyk zonasyny bilemok, ýöne olar Kuşewkada (Krasnodar territoriýasy) işlediler. Olary iki aý töweregi wagt oba hojalygynda, ýyladyşhanalarda we sygyr ýataklarynda sakladylar" diýip, Romanowa ol ýerde ýüzlerçe aýal tussagyň bolandygyny, soňra olaryň Ukraina iberilendigini aýtdy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby ilkinji gezek Russiýanyň aýal tussaglary Ukrainadaky urşa iberýändigini fewral aýynyň başynda habar berdi.