Türkmenistan myhmansöýerlikde iň yzdaky ýurtlaryň biri boldy

Bezeg suraty

Türkmenistan, Owganystan we Demirgazyk Koreýa dünýäde iň “myhmansöýer däl” ýurtlar hökmünde ykrar edildi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” “Pasport indeksiniň” web sahypasynyň düzen “Welcoming Countries Rank” sanawyna salgylanyp ýazýar.

Neşir bu reýtingiň ýurt raýatlarynyň myhmansöýerligine, hoşgylawlygyna däl-de, pasport eýeleriniň wizasyz baryp bilýän beýleki ýurtlarynyň sanyna esaslanýandygyny belleýär.

Türkmenistan, Owganystan we Demirgazyk Koreýa ähli ýurtlaryň raýatlaryndan wiza talap edýär. Bulardan soň sanawda üç ýurduň raýatlaryny wizasyz kabul edýän Butan we Liwiýa, soňra dört ýurduň raýatlaryny wizasyz kabul edýän Eritreýa gelýär.

Merkezi Aziýa sebitinde iň myhmansöýer ýurt Özbegistan bolup, Daşkent 139 ýurduň raýatlaryndan wiza talap etmeýär. Ondan soň bu sebitde Täjigistan (87), Gyrgyzystan (80) we Gazagystan (77) myhmansöýer ýurtlar hasaplanýar.

2023-nji ýylyň ýanwar aýynda çap edilen pasportlar reýtinginde Türkmenistan 109 ornuň içinde 90-njy ýerde durýardy, ýaşyl pasport bilen öňünden wiza alman 53 ýurda baryp bolýardy diýip, habarda bellenýär.

Degişli maglumat Türkmen pasporty 90-njy orunda durýar