Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji martda Aşgabatda guruljak döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Bu desgalaryň gurluşygy Türkiýäniň “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasyna ynanyldy.
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklarynyň düýbüni tutmak çäreleri G.Berdimuhamedowyň prezident bolan ýyllarynda däp bolşy ýaly, uly dabara, aýdym-saz we alkyşlar bilen geçirildi, metbugatda giňden beýan edildi we döwlet ýolbaşçylarynyň ilatyň saglygy üçin edýän uly aladalarynyň subutnamasy hökmünde magtaldy.
Şeýle-de, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habaryna görä, G.Berdimuhamedow Aşgabatdaky Hezreti Omar metjidinde, öz galam hakynyň hasabyna, Türkiýede bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň hatyrasyna sadaka berdi.
Degişli maglumat
Türkmenistanda türk gurluşykçylaryna ýene uly desgalar ynanylýar