15-nji martda Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça edarasynyň toparynyň Aşgabada sapara gelen agzalary bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmen mediasy ÝHHG-niň synçylar toparynyň Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyga we olaryň geçirilişine baha bermek üçin gelendigini habar berýär.
Myhmanlar Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen meýilnama, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň sanawy, resminamalaryň nusgalary hem-de umuman ýerlerde geçirilen işler bilen tanyşdyryldy.
“Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde olara saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň barşyny bökdençsiz synlamaga hem-de gönüden-göni ses berilýän güni Aşgabatda we welaýatlarda saýlaw uçastoklaryna baryp görmäge mümkinçilik dörediler" diýip, habarda aýdylýar.
Duşuşygyň barşynda ÝHHG-niň toparynyň agzalaryna degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
Türkmenistanda şu wagta çenli abraýly halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly diýlip ykrar edilen saýlaw geçirilmedi.
Degişli maglumat
“Häkimiýeti saklamak üçin”. Merkezi Aziýa ýurtlarynda saýlananlaryň hatyrasyna Konstitusiýany täzeden ýazmak