Halkara jenaýat kazyýeti geçen hepde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini tussag etmek barada karar çykaranyndan soň, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen adalat ministrleri 20-nji martda Londonda duşuşyp, bu kazyýete berilmeli goldawyň gerimini giňeltmek barada pikir alyşdylar.
Halkara jenaýat kazyýeti Putini ýüzlerçe çagany Ukrainadan bikanun deportasiýa etmekde aýyplady.
Moskwa bildirilen aýyplamany ret etdi we bu çäräni kabul ederliksiz diýip atlandyrdy.
Şeýle-de, Russiýa özüniň HJK-nyň agzasy däldigini we bu kazyýetiň Orsýetde kanuny güýjüniň ýokdugyny aýtdy.
Degişli maglumat
Halkara Jenaýat sudy Putini tussag etmek barada order çykardy