Rus goşunlarynyň gündogardaky front liniýalarynyň boýunda Bahmut şäherine edýän basyşlarynyň dowam etdirilmegi bilen, ukrain güýçleri düýn olaryň onlaraça hüjümini yzyna serpikdirdi diýip, ukrain harbylary 23-nji martda aýtdy, NATO başlygy bolsa Günbatar ýurtlarynyň Kiýewe uzaga çekip biljek uruşda goldaw bermäge taýyn bolmalydygyny duýdurdy.
Ukrainanyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi, general Oleksandr Sirskiý 23-nji martda ruslaryň Bahmutda görkezýän dyngysyz basyşlarynyň indi olaryň özüne täsir edip başlaýandygyny we ukrainleriň duşmanda duýulýan argynlykdan "örän tiz" peýdalanmaga taýýarlanýandygyny aýtdy.
"Adam güýjüni ýitirmegine we enjam ýitgilerine garamazdan, bahasy näçe gymmat düşse-de, agressor Bahmuty almak umydyndan el çekmedi. Russiýanyň bu sebitdäki esasy söweş güýji “Wagner” hakyna tutma toparyndan ybarat" diýip, Sirskiy telegramda aýtdy.
"Hiç zady aýaman söweşip, olar ep-esli derejede güýç ýitirýärler we ýorulýarlar. Kiýewiň, Harkowyň, Balakliýanyň we Kupýanskiň ýanynda edişimiz ýaly, biz bu pursatdan örän ýakyn wagtda peýdalanarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Gündogardaky söweşiň möwjemegi bilen, Russiýanyň ukrain şäherlerine 22-nji martda uran howa zarbalary netijesinde, azyndan dokuz adam öldürildi. Olaryň azyndan sekiz sanysy Kiýewiň günortasyndaky Ržyşiw şäherinde ýerleşýän bir mekdebiň iki sany umumy ýaşaýyş jaýyna urlan zarbada öldi.
Günorta-gündogar Zaporižýa şäherindäki köp gatly jaýa urlan raketa zarbasy azyndan bir adamy öldürdi we 29 adamyň hassahana ýerleşdirilmegine sebäp boldy.
Prezident Wolodymyr Zelenski Moskwanyň asuda ilata garşy seljermezden eden hüjümleriniň Russiýanyň parahatçylyga gyzyklanmaýandygyny görkezýändigini aýtdy we Russiýany parahat ilaty nyşana alýandygy üçin "wagşyýana gazaplylykda” aýyplady.
Ukrain goragçylary soňky 24 sagadyň dowamynda Russiýanyň 83 hüjümini yzyna serpikdirdi, olaryň köpüsi Donetsk sebitindäki şähere, Moskwanyň gündogardaky hüjümleriniň merkezine öwrülen Bahmuta gönükdirildi diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby irden, 23-nji martdaky hasabatynda aýtdy.
Donetsk sebitindäki Liman, Awdiýwka, Marýinka we Şahtarsk ýaly, ruslar beýleki ilatly punktlara edýän basyşlaryny hem dowam etdirdiler diýip, harbylar "duşmanyň düýpli adam güýjüni, ýarag we harby enjam ýitirýändigini" bellediler.
Emma bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.
Emma muňa garamazdan, britan harby aňtaw gullugy Moskwanyň esasan harabaçylaga öwrülen Bahmut şäherine edýän dyngysyz basyşynyň, Ukrainanyň görkezýän berk goragy sebäpli, iki tarapyňam uly ýitgi çekmeginiň arasynda, öňki depginini peseldip başlandygyny öňe sürdi.
Prezident Zelenski 22-nji martda Bahmut sebitine baryp, ukrain goragçylaryny sylaglady we öň hatardaky hereketleriň ýagdaýy bilen tanyşdy diýip, metbugat gullugy aýtdy.
Şu aralykda NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň basymrak parahatçylyk gazanmak bilen gyzyklanmaýandygyny we onuň "surnukdyryjy söweş" alyp barýandygyny duýdurdy.
NATO-nyň başlygy "The Guardian" gazetine beren interwýusynda Putiniň "has kän ýarag almaga synanyşyp, Eýran ýa-da Demirgazyk Koreýa ýaly awtoritar režimlere, beýlekilere ýüz tutýandygyny” aýtdy.
Ol Russiýanyň öz harby önümçilik kuwwatyny güýçlendirýändigini aýtdy we Ukrainanyň günbatar ýaranlarynyň Kiýewi uzak wagtlap ýarag, ok-däri we harby enjamlar bilen üpjün etmäge taýyn bolmalydygyny duýdurdy.
"Prezident Putin parahatçylygy planlaşdyrmaýar, ol has köp urşy planlaşdyrýar” diýip, Stoltenberg aýtdy.