Russiýa Gazagystan, Türkmenistan bilen aýlaw ýoluny gurmakçy

Bezeg suraty

Russiýa Federasiýasy maý aýynda geçiriljek “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” maslahatynyň çäklerinde Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazaryň kenar ýakasynda aýlaw ýoluny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşar diýip, hökümetçi neşir rus metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnulliniň Russiýanyň “Nowosti” habar gullugyna aýtmagyna görä, Kazan forumynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikler netijesinde Hazar deňziniň ýakasynda täze awtoulag ýoluny gurmak ylalaşygyna gol çekilmegine garaşylýar.

Hazar deňziniň gündogar kenarynda guruljak ýoluň gurluşygy barada ýanwar aýynda, Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustinyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetiniň Aşgabat şäherine eden saparynda hem maslahat edilipdi diýip “Türkmenportal” belleýär.

Habarda aýdylmagyna görä, “KazanForum”, “Russiýa — Yslam dünýäsi” Halkara ykdysady forumy 2023-nji ýylyň 18-20-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriler.

Ukrainada başlan urşy sebäpli barha kän izolýasiýa düşýän Russiýa soňky döwürde Aziýa we Yslam dünýäsi ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny has güýçlendirmäge ýykgyn edýär.