Kadyrowa “adam hukuklarynyň goraýjysy” medaly berildi

Kadyrow adam hukuklaryny köpçülikleýin depelemekde tankytlanýar

Russiýanyň Çeçenistan regionynyň ýakasy gaýyşly ýolbaşçysy Ramzan Kadyrowa “Çeçenistan Respublikasynyň adam hukuklarynyň abraýly goragçysy” diýen at berildi.

2007-nji ýyldan bäri Çeçenistany dolandyryp gelýän Kadyrow adam hukuklaryny köpçülikleýin depelemekde, şol sanda adamlary zor bilen alyp gaçmakda, ýitirim etmekde, suduň karary bolmazdan jezalandyryp öldürmede, gynamakda, galyberse-de syýasy garşydaşlarynyň janyna kast etmekde we gomoseksuallary yzarlamakda tankytlanýar.

Kadyrowyň 30-dan gowrak döwlet sylagy bar.