Rus goşunlary soňky bir gije-gündiziň dowamynda 610 töweregi harby gullukçysyny ýitirdi diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 27-nji martda irden aýtdy.
Ukrain serkerdeleriniň maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri Russiýanyň umumy ýitgileri takmynan 171,160 harby boldy.
Şeýle-de, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň täzelenen maglumatyna görä, Russiýa uruşda 3595 tankyny, 6 953 sowutly söweş ulagyny, 2638 artilleriýa ulgamyny we 523 sany raketa atyjy ulgamyny ýitirdi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken 18-nji fewralda Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda Russiýanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli urşundan bäri öldürilen we ýaralanan harbylarynyň sanynyň 200,000 bolandygyny çaklady.
ABŞ-nyň Bilelikdäki serkerdeler ştabynyň başlygy, general Mark Milli noýabr aýynda Russiýanyň uruşda ölen ýa-da ýaralanan adamlarynyň sanynyň azyndan 100,000 bolandygyny aýtdy.
Russiýa öz pidalary baradaky maglumatlary açmaýar. Russiýanyň Goranmak ministrligi soňky gezek 2022-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda uruşda 5937 adamyň ölendigini habar berdi.