Si Saud şazadasy bilen telefonda gürleşip, Saud-Eýran gepleşiklerini goldaýar

Hytaýyň prezidenti Si Szinpin Saud Arabystanynyň şazadasy Mohammed bin Salman Al Saud bilen telefonda gürleşdi. Arhiw suraty.

Hytaýyň prezidenti Si Szinpin Saud Arabystanynyň şazadasy we premýer-ministr Mohammed bin Salman Al Saud bilen telefonda gürleşip, bir topar meseläni maslahatlaşdy we Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda geçirilen gepleşikleri goldady diýip, Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki mediasy habar berdi.

Si, geçirilen gepleşikleriň netijeleri esasynda, iki tarapyň özara gatnaşyklaryny yzygiderli gowulandyrmagyna umyt edýändigini aýtdy diýip, döwlet mediasy 28-nji martda habar berdi.

Si ýakynda Ýakyn Gündogaryň iki garşydaş ýurtlary bolan Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda garaşylmadyk ylalaşyga getiren gepleşiklere araçylyk edip, olaryň özara diplomatik gatnaşyklaryny dikeltmeklerine kömek etdi.